Ýaponiýanyň Japan Airlines awiagatnadyjysy Sumitomo Corporation bilen bilelikde ýolagçylara syýahat üçin ýanyň bilen diňe şahsy gigiýena esbaplaryny alyp, esasy garderoby ýerinde kärendesine almak teklibi bilen ýüzlendi. Bu barada Sumitomo Corporation-yň saýtynda habar berilýär diýip, rbclife.ru belleýär. Bir ýyllyk tejribäniň çäklerinde Ýaponiýa gelýän syýahatçylara syýahat wagty egin-eşikleri ýük edip göterip ýörmezlik üçin kärendesine almak teklip edilýär. Kärende möhleti iki hepde bilen çäklendirilen we syýahatçylar özleri üçin zerur zatlary laýyk ölçegde bir aý öňünden bron edip bilerler. Awiakompaniýanyň bu teklibi eýýäm 2023-nji ýylyň 5-nji iýulyndan 2024-nji ýylyň 31-nji awgusty aralygyndaky uçuşlar üçin hereket edip başlady. Zerur garderob predmetleriniň ölçegini, stilini we reňkini-de saýlap bolýar. Şeýlelik bilen, syýahatçylar çemodanlary daşamak üçin tölegleri tygşytlap, goş götermezden we egin-eşikleri ýuwmaga wagt sarp etmezden, täze täsirler üçin güýçlerini aýap bilerler diýlip, täze Any Wear, Anywhere hyzmatynyň saýtynda aýdylýar. Bellenilişi ýaly, kärende üçin egin-eşikler dükanlardaky galyndylardan ýa-da sekond-hendlerden alnar, zatlar arassalanyp, syýahatçynyň boljak ýaşaýyş jaýyna getiriler, syýahatçy gidenden soň yzyna alnyp, gaýtadan işlemäge berler. Tejribäniň dowamynda hyzmatyň gereklidigi, şeýle-de onuň ýolagçylaryň goşlaryny azaltmaga näderejede kömek edendigi barada maglumatlar ýygnalar. Ýaponiýada kowid çäklendirmeleri ýatyrylandan soň, ýurtda syýahatçylyk işjeňleşip başlady. Ýaponiýanyň Milli syýahatçylyk guramasynyň maglumatlaryna görä, maý aýynda ýurda tas 1,9 mln adam bardy, bu bir ýyl ozalky degişli aý bilen deňeşdirilende 1200% köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir