Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ilatynyň ortaça ýaşy taryhda iň ýokary derejä ýetdi. Report agentliginiň habaryna görä, bu barada ýurduň Ilat ýazuwy edarasy habar berdi. Statistika ABŞ-nyň ilatynyň garrandygyny we ortaça ýaşyň soňky iki ýylda 0,2 ýyl artyp, 38,9 ýaşa ýetendigini görkezýär. Galyberse-de, ýekeje ştatda hem ortaça ýaşyň kiçelmegine gabat gelinmedi. Men (44,8) we Nýu-Gempşir (43,3) ortaça ýaşy iň ýokary bolan ştatlaryň başyny çekýär. Mundan başga-da, ABŞ-da çagasyz maşgalalaryň sany öňki ýyllar bilen deňeşdirilende köpeldi. Şeýlelik bilen, soňky iki onýyllygyň içinde dogluş derejesi kem-kemden peselýär. Hünärmenler çalt ösýän ýaş ilat bolmasa, ABŞ-da ortaça ýaşyň ýokarlanjakdygyny aýdýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir