Islandiýanyň Azyk senagaty ministri Swandis Swawarsdottir 2023-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli kit awlamak işiniň gadagan edilýändigini mälim etdi. Ol 2024-nji ýylda, ýagny häzirki kwotalaryň hereket ediş möhleti tamamlananda hem kit awlamak işini gaýtadan dikeltmek üçin aýratyn bir sebäbiň ýokdugyny sözüniň üstüne goşdy. Muny plus-one.ru ýetirýär. Islandiýada kit awlamak möwsümi iýun aýynyň ortalaryndan sentýabr aýynyň ortalaryna çenli dowam edýär, ýöne awlaýjylaryň gadaganlyk ýatyrylandan soň hem işe gaýdyp barjagy näbelli. Ýyllyk kwotalar islandiýalylara 209 finwal (gök kitlerden soň uzynlygy boýunça ikinji deňiz süýdemdirijileri) we 217 kiçi polosatik öldürmäge mümkinçilik berýär. Islandiýa, Norwegiýa we Ýaponiýa – dünýäde kit awlamaga rugsat berýän ýeke-täk ýurtlar. Swandis Swawarsdottir kit awynyň ykdysady taýdan peýda getirýändigine deliliň azalýandygyny belledi. Onuň sözlerini Islandiýanyň iň soňky kit awy bilen meşgullanýan Hvalur kompaniýasynyň beýany hem tassyklaýar. Bu kompaniýa häzirki möwsümiň girdejililigiň peselmegi sebäpli özi üçin iň soňky boljakdygyny yglan etdi. Kit awy Islandiýanyň ilatynyň arasynda hem goldawy ýitirýär. Maskin institutynyň pikir soraşmasyna görä, 2023-nji ýylyň iýun aýynyň başynda islandiýalylaryň 51%-i kit awyndan ýüz öwürmegi goldady. Dört ýyl mundan ozal bu görkeziji 41%-di.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir