Skytrax halkara howa transporty guramasy sekizinji gezek Turkish Airlines awiakompaniýasyny Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy diýip belledi. Bu barada “Hürriyet Daily News” gazetine salgylanyp, rossaprimavera.ru habar berýär. Flagman awiagatnadyjy “Günorta Ýewropanyň iň gowy awiakompaniýasy”, “Iň gowy biznes-klas iýmiti”, “Iň gowy ekonom-klas iýmiti” we “Ýewropada iň gowy ekonom-klas orny” kategoriýalarynda-da baýraga eýe boldy. Geçen ýyl Turkish Airlines tas 72 million ýolagçyny, şol sanda 46 milliondan gowrak halkara syýahatçyny gatnatdy. Kompaniýa tarapyndan gatnadylan ýolagçylaryň sany 2023-nji ýylyň ýanwar – maý aýlarynda ýyllyk hasabynda 29 göterim ýokarlanyp, 31 million boldy. Halkara ýolagçylaryň sany 34 göterim ýokarlanyp, 19,8 milliona ýetdi. “Awiasiýa pudagynyň Oskary” hökmünde giňden tanalýan World Airline Awards baýragy 1999-njy ýylda döredildi we doly derejede garaşsyz hem bitarap bolmagynda galýar, sebäbi müşderilerden pikir soraşmalar we sylaglama üçin çykdajylar Skytrax-yň guramaçylary tarapyndan tölenýär. Şu ýyl dünýäniň iň gowy awiakompaniýasy Singapore Airlines boldy. Qatar Airways, ANA (All Nippon Airways) pikir soraşmanyň netijesi boýunça ikinji we üçünji orunlary eýeledi. Umuman, pikir soraşmada 325-den gowrak awiakompaniýa baha berildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir