16-njy iýunda Arkadag şäherine ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýän döwrebap ulaglar — elektrobuslar, elektromobiller, jemagat we ýöriteleşdirilen gulluk ulaglary sowgat berildi. Bu çäre şäheriň ikinji tapgyrynyň düýbüni tutmak dabarasynyň barşynda geçirildi. Şeýle hem, şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde döwlet ähmiýetli Arkadag şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri bilen bagly resminamalara gol çekdi. Öň TmCars-yň habar berşi ýaly, 3-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde ulanylmagy meýilleşdirilýän döwrebap elektrobuslary we elektromobilleri barlap, synag edip gördi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir