2023-nji ýylda «Samsung» kompaniýasy 230-dan 240 milliona çenli smartfonyny satyp biler, bu meýilleşdirileninden 40-30 million birlik azdyr. Bu barada «PhoneArena» seljeriş neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar. «PhoneArena» neşiriniň maglumatlaryna laýyklykda, «Samsung» heniz hem dünýäde iri smartfon öndüriji bolmagynda galýar we bu ugurda özüniň esasy bäsdeşi bolan «Apple» kompaniýasyndan has öňde durýar. Emma muňa garamazdan, ol özüniň müşderilerini çalt ýitirýär. Mysal üçin, şu ýylyň ikinji çärýeginde kompaniýa bazara 55 million eltelefonyny ýerledi, bu ýanwar-mart aýlary aralygyndakydan (61,5 mln birlik) we 2022-nji ýylyň ikinji çärýegindäkiden (62,5 mln birlik) görnetin azdyr. Bu iri önümçilikçiniň 2023-nji ýylyň jemleri boýunça 240 million sany smartfon satmagyna garaşylýar, bu görkeziji kompaniýanyň 270 million birlige deň blan deslapky meýilnamasyndan ep-esli azdyr. Deňeşdirmek üçin, «Samsung» 2022-nji ýylda 260 mln smartfon satdy, hatda 2020-nji agyr pandemiýa ýylynda hem kompaniýa 250 million smartfony bazarda ýerlemegi başarypdy. «PhoneArena» neşiri «Samsung» kompaniýasynyň eltelefonlarynyň söwdasynyň pese gaçmagynyň sebäpleri hökmünde onuň «Galaxy S23» kysymly, şeýle hem býujet we orta synpdaky «Galaxy A» kysymly smartfonlaryna ählumumy islegiň peselmegini görkezýär.