«Forsaž 10-da» gytaklaýyn surata düşürilenden soň, Dueýn Jonson franşiza doly derejede gaýdyp geler. Aktýor sosial ulgamlarda yglan edişi ýaly, Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk taslamada baş keşbi janlandyrýar. Bu gahryman “Forsažyň" bäşinji, altynjy, ýedinji we sekizinji bölümlerinde, şeýle hem Jeýson Steýtemiň Jonsonyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş eden “Hobbs we Şou” filmlerinde peýda boldy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze film onuň dowamy däl-de, aýratyn taslama bolar. Edebi esasyny ýazan Kris Morgan. “Forsaž 10” dünýäde 500 million dollar gazandy. Tomaşaçylara ýaryşçy Dominik Toretto (Win Dizel) we maşgalasy barada azyndan ýene iki sany jemleýji film hödürlener.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir