Hindistanyň Odişa ştatynda üç sany otlynyň çaknyşygynda aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi diýip, Frans Press agentligi ştatyň ýangyn howpsuzlyk gullugynyň başlygy Sudhanşu Sarangä salgylanyp habar berýär. "Hindistanda otly heläkçiliginde aradan çykanlaryň sany 288-e ýetdi" - diýlip habarda aýdylýar. Öň, Indian Express neşiri 233 adamyň aradan çykandygyny, ýene-de 900 adamyň şikes alandygyny habar berdi. Anna güni Hindistanda Balasor şäherinden uzak bolmadyk ýerde otlular çaknyşdy. Maglumatlara görä, Kalkuttadan Çennai şäherine barýan ýolagçy otlusynyň 10-12 wagony çaknyşyk zerarly relsden çykyp, gapdaldaky relslere düşüpdir. Birnäçe wagtdan bu wagonlara gapdal relsden hereket edip gelen ýene-de bir ýolagçy otlusy gelip çaknyşypdyr. Netijede ýene-de 3-4 wagon relsden çykypdyr. Halas ediş operasiýasyna Tebigy betbagtçylyklaryň täsirini aradan aýyrmak boýunça milli güýçleriň ýüzden gowrak işgäri gatnaşýar. Aradan çykanlaryň sany artmagy mümkin.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir