Hytaý öz kosmonawtyny 2030-njy ýyla çenli Ýeriň tebigy hemrasynyň üstüne gondurmagy meýilleşdirýär. Bu barada duşenbe güni Hytaýyň Pilotirlenýän kosmos uçuşlary maksatnamasynyň müdirligi (CMSA) habar berdi. "Aýdaky pilotirlenýän gözlegler taslamasynyň meýilnamasyna laýyklykda hytaýlylar 2030-njy ýyla çenli ilkinji gezek Aýa gonar, bu tabşyryk wagtynda iki kosmonawt ylmy gözlegleri geçirmek üçin pilotirlenýän lunohody işleder" – diýip, müdirligiň WeChat sosial ulgamyndaky akkauntynda neşir edilen habarda aýdylýar. Taýkonawtlar Aýyň üstünde lunohodda hereket edip bilerler. Apparat ýerleşilýän ýeri kesgitleýän funksiýa bilen üpjün ediler diýip, müdirlik takyklaýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir