Ylmy fantastikanyň awtory Tim Buşe emeli intellekti kömekçi hökmünde peýdalanyp, dokuz aýda 97 kitap ýazdy. Ol öz eserleriniň 574 nusgasyny satyp, tas 2000 dollar gazandy diýip, knife.media habar berýär. Onuň “Emeli intellekt bilimi” toplumyndaky her bir kitap 2000 – 5000 sözden ybarat bolup, olar doly derejeli romanlara garanyňda esselere has ýakyndyrlar. Awtor her bir kitaby döretmek üçin alty sagatdan sekiz sagada çenli wagt sarp edendigini belledi. Tim Buşe teksti we pikirleri emele getirmek üçin ChatGPT-den, şeýle-de illýustrasiýalary döretmek üçin Midjourney-den peýdalandy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir