Ford elektrik ulaglarynyň eýeleri Tesla awtoulag öndürijisiniň 12 müň sany çalt zarýad beriş stansiýasyna girmäge mümkinçilik alarlar. Bu barada anna güni Financial Times habar berdi diýip, TASS ýazýar. Şereketleriň şertnamasy ABŞ-da we Kanadada Ford-yň elektrik ulaglary üçin çalt zarýad beriş stansiýalarynyň sanyny iki esse artdyrar. Sürüjiler ýörite adapteriň kömegi bilen awtoulaglaryny zarýad berijilere birikdirip bilerler. Neşiriň habar bermegine görä, 2025-nji ýylda Tesla awtoulaglarynyňka meňzeş birleşdirijili Ford-yň täze nesli satuwa çykarylar. Ford-yň ýolbaşçylary “stansiýadan uzakda öçüp galmak” ähtimallygy sebäpli, müşderileriň uzak aralyga syýahat edip bolmaz diýen gorkusyny kemeltmäge synanyşýar. Finansal Taýms-yň ýazyşy ýaly, Tesla ozal 2024-nji ýylyň aýagyna çenli elektromobilleriň ähli modelleri üçin 45 müň sany zarýad beriji ulgam bilen üpjün etmegi meýilleşdirýärdi. Tesla kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask Teslanyň zarýad beriji ulgamynyň "daşy haýatly bag ýaly görünmegini" islemeýändigini aýtdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir