German awtoulag öndürijisi Mercedes-Benz seresaplylyk çäresi hökmünde dünýäde 23 müň 500 töweregi ulagy yzyna çagyrýar. TASS-nyň habar bermegine görä, bu barada penşenbe güni DPA gullugy tarapyndan GFR-iň Ulag serişdeleriniň meseleleri boýunça federal müdirligine salgylanyp habar berildi. Hasabatda programma üpjünçiligindäki köne sazlamalar sebäpli hereketi durnuklaşdyrmak ulgamynyň we tormozlananda tekerleriň gulplanmagynyň öňüni alýan ulgamyň bozulmagy bilen bagly teoretiki howp bar diýilýär. Mesele programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen çözülýär. Yza çagyryş 2020-2021-nji ýyllarda öndürilen S-Class ulaglaryna degişlidir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir