Tesla elektromobilleri 2023-nji ýylda doly derejede diýen ýaly awtonom bolup biler. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask CNBC teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy diýip, TASS habar berýär. “Meniň pikirimçe, bu şu ýyl bolup biler. Üstümizdäki ýylda maňa birnäçe günläp Tesla awtomobilinde diňe dolandyryşa azrak gatyşmak bilen ugry kesgitläp, Bostonyň töweregine syýahat etmek başartdy” – diýip, Mask belledi. Awtonom dolandyryş ulgamynyň kömegi bilen kompaniýanyň elektromobilleri sürüji gatnaşmazdan hereket edip biler. Reuters agentliginiň belleýşi ýaly, Tesla şeýle awtomobilleriň satuwyndan ep-esli girdeji gazanmagy göz öňünde tutýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir