Amerikanyň Twitter sosial ulgamy ýakyn wagtda ses we wideo jaňlarynyň funksiýasyny goşar. Sişenbe güni sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask özüniň Twitter sahypasynda bu barada habar berdi. "Ýakyn wagtda bu platformanyň ulanyjylary üçin ses we wideo çaty elýeterli bolar, onsoň siz dünýäniň islendik ýerindäki adamlar bilen, telefon belgiňizi bermezden, aragatnaşyk saklap bilersiňiz" – diýip, Maskyň habarynda aýdylýar. Onuň sözlerine görä, sosial ulgamyň goşundysynyň iň soňky wersiýasynda täzelikler hem bar. Şahsy habarlary goragly gulplamak we şahada öň çap edilen habarlaryň islendik birine jogap bermek funksiýasyna eýe bolar. 2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Mask Twitteri satyn almak üçin 44 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şondan soň basym ol sosial ulgamda birnäçe üýtgeşmäni yglan etdi we durmuşa geçirdi.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir