Kanadanyň zikgehanasy 20 dollarlyk kagyz pulda patyşa Karl III-niň portretini ýerleşdirer. Kagyz puldaky Beýik Britaniýanyň öňki şa zenany Ýelizaweta II-niň keşbi çalşyrylar. Bu barada şenbe güni CBC teleýaýlymy Zikgehananyň ýolbaşçylygyna salgylanyp habar berdi. Çalyşmak prosesi birnäçe ýyl dowam eder. Täze kagyz puluň dizaýnynyň eýýäm şu güýzde taýýar bolmagyna garaşylýar. Ahyrynda ol Bukingem köşgi tarapyndan tassyklanar. Şeýle hem, wagtyň geçmegi bilen kanadanyň ähli teňňelerinde patyşanyň portreti zikgelener. Häzir onda Ýelizaweta II-iň profili bar. Angliýany 70 ýyl 7 aýlap dolandyran Ýelizaweta II 2022-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Şotlandiýanyň Balmoral galasynda aradan çykdy. Uels şazadasy Karl Ýelizaweta II ölenden soň täze monarh boldy. Ol Karl III diýen tagt adyny aldy. 6-njy maýda patyşa Karl III-e we onuň aýaly Kamilla Londondaky Westminster abbatlygynda täç geýdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir