5-nji maýda Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iňlis tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III hem-de onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Londona bardy. Birnäçe sagatdan soň, Serdar Berdimuhamedowyň uçary London şäheriniň “Stansted” Halkara howa menzilinde gondy. Uçaryň ýanynda döwlet Baştutanyny Beýik Britaniýanyň Patyşalygynyň ýörite wekili Çarlz Hendri, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda wekili baronessa Emma Nikolson we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Howa menzilinden Prezident Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni sapar mahalynda özi üçin niýetlenilen - kaşaň “The Biltmore Mayfair” myhmanhanasynda ýerleşýän rezidensiýa tarap ugrady. Günüň ikinji ýarymynda döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurduň Bukingem köşgüne tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesiniň ýanynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň protokol gullugynyň ýolbaşçysy garşylady we uly dabarlar otagyna geçmäge çagyrdy. Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasy mynasybetli resmi kabul etmek çäresi başlamazdan öňürti, Prezident Serdar Berdimuhamedow olary bu dabara bilen gutlady hem-de iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Bu çäre tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “The Biltmore Maýfair” myhmanhanasynda sapar mahaly özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.