Binance-yň ýolbaşçysy Çanpen Çžao Bloomberg tarapyndan maliýe pudagyndaky iň baý adamlaryň sanawyna girizildi. Agentligiň maglumatlaryna görä, Çžaonyň baýlygy 28,2 mlrd dollara barabar. Bu barada rbc.ru habar berýär. 2023-nji ýylyň 23-nji martyna çenli maglumatlara görä, Çžao soňky on ýylda baý adamlaryň sanawynda ýokary çykan 25 sany täze “maliýe titanlarynyň” sanawynda üçünji orny eýeleýär. Şol bir wagtyň özünde, sanawa 2013-nji ýylda dünýäniň iň baý adamlarynyň, iň bolmanda, 300-lügine girenler ýa-da öz baýlygynyň ep-esli bölegini miras alanlar, şeýle-de biznesi dolandyrmagy bes edenler we 70 ýaşdan uly adamlar girmedi. Žurnalistler Çžaonyň baýlygyny 28,2 mlrd dollar bilen bahalandyrdylar. Bu baýlygyň esasy bölegini ol Binance biržasy arkaly gazandy. Çžaonyň özi getirilen sanlary Twitter sahypasynda “şonça pulunyň ýokdugyny” ýazmak bilen inkär etdi. Bir ýyl mundan ozal “Forbes” žurnaly CZ-niň baýlygyny 65 mlrd dollar diýip hasaplady. Ýöne 2022-nji ýylda “kriptogyş”, kazyýet işleri, bankrotlyk we aktiwleriň bahasynyň pese gaçmagy pudaga uly zyýan ýetirdi we 2023-nji ýylyň 10-njy martyna çenli ýagdaýa görä, Çžaonyň kapitaly neşir tarapyndan 10,5 mlrd dollar bilen bahalandyryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir