Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew «Gazagystan Respublikasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda gazak-türkmen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassyklamak baradaky» Kanuna gol çekdi. Gazagystanyň Prezidentiniň edarasynyň metbugat gullugynyň habaryna görä, şertnama 2021-nji ýylda Aşgabatda gol çekilipdi. Bu resminama Gazagystan bilen Türkmenistanyň döwlet serhedinde hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Hususan-da, kanunyň kadalary döwlet serhedinden şahsyýetler, ulaglar, harytlar we beýleki emläkler bilen geçmegiň hem-de döwlet serhediniň üstünden uçuşlary amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär. Şeýle hem, serhetdäki hojalyk, awçylyk, barlag, gözleg işlerini ýa-da beýleki dürli çäreleri guramagy öz içine alýar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky serhediň umumy uzynlygy 458,3 km. Bu iki döwletiň hem iň gysga halkara serhedidir.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir