Hindistan şu aýda Ýewropany arassalanan nebit bilen üpjün ediji iň uly ýurt bolar. Bu barada anna güni Bloomberg habar berdi. Onuň maglumatlaryna görä, Hindistandan Ýewropa arassalanan nebitiň eksporty aprel aýynda bir günde 360 müň barrelden geçer, bu bolsa Günorta Aziýa ýurdunyň Saud Arabystanyndan öňe geçmegine we arzan rus nebitini rekord derejede satyn almagyň hasabyna, bu energiýa göterijisiniň Ýewropa yklymynyň esasy üpjün edijisine öwrülmegine mümkinçilik döreder.