BMG-niň düzümine girýän Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň çap eden hasabatynda howanyň global üýtgemeginiň rekord derejesi bellige alyndy. "2022-nji ýylda howanyň global ýagdaýy" atly barlag global maýylganlyga sebäp bolýan üç sany bug gazynyň — kömürturşy gazynyň, metanyň we azot oksidiniň konsentrasiýasynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanandygyny görkezýär. Şeýlelik bilen, 2015-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli aralyk gözegçilikleriň taryhynda iň maýyl ýyllar boldy. Temperaturanyň ýokarlanmagy etalon buzluklarynyň eremegine getirýär. Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň maglumatlaryna görä, olaryň ortaça galyňlygy 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2022-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli 1,3 metr azaldy. Bu soňky onýyllyklaryň ortaça görkezijisinden esli köpdür.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir