Amerikanyň Meta Platforms kompaniýasynyň esaslandyryjysy we baş direktory Mark Sukerbergiň 2022-nji ýylda umumy pul haky 1% ýokarlandy we 27 million dollardan geçdi diýip, kompaniýanyň ABŞ-nyň Gymmatly kagyzlar we biržalar boýunça komissiýasynyň (SEC) saýtyndaky habarynda aýdylýar. Sukerbergiň kompensasiýasy 2021-nji ýylda 26,82 million dollar bolanlygyndan 27,11 million dollara çykdy. Bir ýyl öňküsi ýaly, ol hiç hili bonus tölegini ýa-da paýyny almady, aýlygy bolsa 1 dollarlygyna galdy. Umumy görkezijiniň ýokarlanmagy beýleki tölegler bilen bir hatarda, hususy howa ulaglaryna çykdajylaryň 1,63 million dollar bolanlygyndan 2,28 million dollara çenli ýokarlanmagy bilen baglanyşyklydyr. Şahsy goraga çykdajylaryň bir ýyl öň 15,2 million dollar bolanlygyndan 14,82 million dollara düşdi. Sukerbergden başga, Meta-nyň işgärleriniň ortaça aýlyk derejesi 292,8 müň dollar bolanlygyndan 296,3 müň dollara çenli ýokarlandy. Ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitalizasiýasy 81,9% ýokarlandy. Bazar Metany takmynan 574,3 milliard dollar diýip bahalandyrýar .

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir