Interfaks agentliginiň habar bermegine görä, ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden we aýaly Jill Baýden 2022-nji ýylda 579 müň dollardan gowrak girdeji gazandy, muňa sişenbe güni Ak tam tarapyndan çap edilen salgyt jarnamasy şaýatlyk edýär. Resminamalara görä, prezident Baýden bilen aýalynyň geçen ýylky umumy girdejisi 579,514 dollar bolup, 2021-nji ýylda olaryň umumy girdejisi birneme ýokary, ýagny 610,702 dollar bolupdy. Jarnamadan görnüşi ýaly, Amerikanyň lideri bilen onuň aýalynyň 2022-nji ýyldaky umumy girdejisi, esasan, prezidentiň 400,000 dollar ýyllyk aýlygyndan we pensiýadan ybarat boldy. ABŞ-nyň birinji hanymy Demirgazyk Wirjiniýa jemgyýetçilik kollejinde professor bolup işleýän ýerinden 82,335 dollar gazandy. Şol bir wagtyň özünde salgyt jarnamalaryna görä, wise-prezident Kamala Harrisiň we onuň adamsy Dug Emhoffyň 2022-nji ýyldaky umumy girdejisi 456,918 dollar bolup, 2021-nji ýyldakydan ep-esli azaldy. Şonda olaryň umumy girdejisi 1 million 655 müň 563 dollar bolupdy. Baýdeniň administrasiýasynda prezidentiň eýýäm 25 ýyl üçin salgyt jarnamasyny mälim edendigini aýtdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir