Ysraýylyň barlaghanada emeli et öndürmekde ýöriteleşen Stakeholder Foods kompaniýasy 3D çaphana tehnologiýasy arkaly dünýäde balyk etiniň ilkinji analogyny döretdi diýip, TASS habar berýär. Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu çarşenbe güni kompaniýanyň Rehowotdaky önümçilik ýerine baryp gördi we innowasiýa önümini dadyp gördi diýip, döwlet baştutanynyň diwany habar berýär. Onuň sözlerine görä, Stakeholder Foods haýwanlary soýmazdan, barlaghana şertlerinde hakyky et önümlerini öndürýär. "Şu gün kompaniýa dünýäde ilkinji gezek balyk öndürmek üçin 3D printer ulanyp başlady. Premýer-ministr barlaghanada öndürilen balygy we eti dadyp gördi hem-de dürli printerleri gözden geçirdi" - diýip habarda aýdylýar. Diwanyň habaryna görä, Netanýahu önümçilik desgasyna baryp göreninde: "Adamyň iýmit önümçiliginde bütin dünýäde öwrülişigiň dowam edýändigini we Ysraýylyň alternatiw belok pudagy boýunça gözlegde we işewürlikde dünýä lideridigini" - nygtady. Premýer-ministr Ysraýylyň hökümetiniň kompaniýalara öňe gitmäge, tehnologiýa liderligini saklamaga we ösdürmäge ýardam bermek işleýändigini aýtdy. "Bu gün biz balyksyz öndürilen balygy iýdik, sygyrsyz öndürilen et iýdik. Bu bir öwrülişik. Ysraýyl alternatiw beloklar boýunça dünýäde öňdebaryjydyr we biz onuň öňdeligini dowam etmegi üçin alada ederis. Basym [şeýle önümleri öndürmek üçin] täze çözgütler we dünýäni üýtgetjek täze belentlikler bolar"- diýip, Netanýahu mälim etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir