Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýakyn wagtda Türkiýänyň ýerli Togg eletkroulagyny alar. Bu barada Stambulda geçirilen duşuşykda Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan belledi, diýip, Trend saýty habar berýär. “Togg eýýäm ýolda. Bir Togg awtoulagyny biz doganym Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe, ýene birini doganym Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe ugradýarys” diýip, Ärdogan belledi. Geçen hepdede, 4-nji aprelde, Türkiýäniň ilkinji Togg elektroulagy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe ugradyldy. “Ol şeýle-de beýleki ýurtlara, ýagny Türkmenistana we Özbegistana hem ugradylar “- diýip, Mewlýut Çawuşoglu dynç güni Antalýadaky Togg-yň sergi meýdançasyna baryp görende belledi. “Türkmenistan ak reňkine isleg bildirdi” -diýip, ministr maglumatyny açyklady. Onuň aýtmagyna görä, ak reňkli awtoulag bir aýyň dowamynda çykarylar. Ilkinji şeýle awtoulag 3-nji aprelde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana we onuň maşgalasy Emine Ärdogana gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir