Aşgabadyň içine 10 minutda eltip bermek hyzmaty... Ynanmak kyn diýýäňizmi? Asmanexpress onlaýn platformasy müşderilerine eden sargydyny hut şol wagt aralygynda eltip bermekligi kepillendirýär. Muny özüňizem barlap görüň! Asmanexpress — bu eltip bermek hyzmatyny has gysga wagtyň içinde — 10 minutda ýerine ýetirýän Türkmenistanda ilkinji onlaýn söwda platformasydyr. Platformada alyjylara ýokary hilli brendleriň önümleri, iýmit önümleri, öý-hojalyk we beýleki zerur bolan harytlar elýeterli bahadan hödürlenilýär. Eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň içinde elýeterlidir. Onlaýn platformada dürli kategoriýalar boýunça tapawutlandyrylan 5000-den gowrak haryt bar. Asmanexpress häzirki wagtda sargytlary ammarlarynyň bar bolan ýerlerinden sanlyja minutda eltip berýär. Asmanexpress söwda platformasynda iki sany serwis — Asmanexpress we Asman Mega hyzmatlary hereket edýär. Asmanexpress onlaýn söwda platformasyna ilkinji gezek goşulan müşderä 15 manat sowgat edýär we 3 sany eltip bermek hyzmatyny mugt ýerine ýetirýär. 29,00 — 69,00 manat aralygynda edilen sargyt üçin eltip bermek hyzmatynyň tölegi — 5,99 manat; Sargydyň iň pes mukdary 29,00 manat bolmaly. Sargyt 69,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Şeýle hem Asmanexpress edilen sargyt 129,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda 10,00 manat; 169,00 manatdan köp bolan ýagdaýynda 15,00 manat arzanlaşyk berýär. Asman Mega serwisinden ilkinji söwda eden müşderä 20 manat sowgat berilýär we 3 sany eltip bermek hyzmaty mugt ýerine ýetirilýär. Asman Mega-da eltip bermek hyzmaty Aşgabat şäheriniň ähli ýerlerine 40-60 minutda amala aşyrylýar. Sargydyň iň pes mukdary 49,00 manat bolmaly. Söwda 99,00 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty mugt. Sargytlary saýtyň üsti bilen bolşy ýaly, Asmanexpress mobil goşundysynyň üsti bilen hem amala aşyryp bolar. Munuň üçin Google Play-den ýa-da App Store-dan Asmanexpress mobil goşundysyny ýükläp almaly. Asmanexpress onlaýn söwda platformasyndan edilen sargyt üçin tölegler nagt, bank kartlary arkaly we onlaýn usulda kabul edilýär. Eltip bermek hyzmaty her gün sagat 8:00-dan 22:00 aralygynda amala aşyrylýar. Asmanexpress mobil goşundysyny şu salgylardan ýükläp alyp bilersiňiz: Google Play we AppStore Saýt: asmanexpress.com Elektron poçta: info.asmanexpress@gmail.com

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir