Günorta Koreýanyň tehnologiýa ägirdi bolan Samsung 2023-nji ýyldan başlap eplenýän mehanizmli we epilýän ekranly ilkinji planşetini hödürläp biler. Bu barada Twitterde Revegnus lakamly bir insaýdere salgylanýan NotebookCheck neşiri habar berdi. Revegnus-yň maglumatlaryna görä, bu planşet Galaxy Z Tab diýlip atlandyrylýar we eplenýän smartfonlaryň Galaxy Z hatarynyň giňelmesi hökmünde ýerleşdiriler. Galaxy Z Tab adaty Galaxy Tab S9 form-faltorda flagman planşet bilen bilelikde hödürlener. Täze Samsung enjamy barada jikme-jiklikler gaty az. NotebookCheck eplenýän planşetiň geçen ýyl IT ägirdiniň tehnologik sergilerde görkezen Flex Note prototipiniň konsepsiýasyny ösdürjekdigine ynanýar. Galaxy Z Tab-yň yglan edilmegi Samsung-yň ýyllyk güýz tanyşdyrylyşynyň çäginde öňümizdäki güýzde bolar diýlip garaşylýar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir