Floridaly Mark Miller Highlander krossowerini 2006-njy ýylda satyn alyp, ony gündelik iş ulagy hökmünde ulandy. Markyň işi ýollary abatlamak bilen bagly bolandygy üçin, awtoulag ýylyň dowamynda 100 müň kilometre golaý aralygy geçdi. 17 ýylyň içinde ylgawy 1 million milden hem geçdi ( 1,6 million kilometr). Mark özüniň Highlanderine gowy gözegçilik etdi: wagtly-wagtyna zerur bolan abatlaýyş işlerini geçirdi we olaryň ählisi ýeke-täk ussada ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň sentýabrynda ABŞ-da bolup geçen Iýen tupany bolmadyk bolsa, ol Toyota krossower has uzak wagt hem hyzmat edip bilerdi. Tebigy hadysa ygtybarly ýapon ulagyndan üstün çykdy. Mark ulagyny täzelemeli boldy. Haçanda bu waka hakynda Toyota kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilenlerinde, Marky kompaniýa wepalylygy üçin sagbolsun aýtmak islediler. Oňa täze aýratyn Bronze Editionda ýerine ýetirilen 2023-nji ýylyň Highlander Hybridini sowgat etdiler.