Redmi brendi orta klasly täze Note 12 Turbo smartfonyny hödürledi. Bu Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 2 çibinde işleýän ilkinji telefonlaryň biridir. Şeýle-de, bu dewaýs inçe çarçuwa we 16 GB + 1 TB wersiýa eýe boldy, bu baha segmentinde seýrek ýagdaýdyr. Redmi Note 12 Turbo smartfonynyň häsiýetnamasy: - Displeý: 6,67’’, OLED, FullHD+, 120 Gs, 1000 nit, HDR 10+ - Prosessor: 8 ýadroly Qualcomm Snapdragon 7+ Gen 2 - Kamera: 64 Mp (esasy), 8 Mp (giň burçly), 2 Mp (makro); 16 Mp (frontal) - Ýat: 8/12/16 GB operatiw (LPDDR5), 256/512 GB we 1 TB hemişelik (UFS 3.1) - Batareýa: 5000 mA/sag, 67 Wt - OS: Android 13 (MIUI 14) - Baglanyşyk: USB Type-C, Wi-Fi 6, Bluetooth 5.3, NFC, 5G, 3,5 mm. Esasy kamera şekili optiki durnuklaşdyrma, şeýle-de In-Sensor Zoom we Xiaomi Imaging Brain 2.0 tehnologiýalarynyň goldawyna eýe boldy. Dinamika Hi-Res we Dolby Atmos bilen sertifikatlaşdyrylan. Redmi-niň bellemegine görä, smartfon bir zarýad bilen bir ýarym gün işläp biler. Gurluşyň oňyn taraplaryna iPhone 14 ýaly ekran çarçuwasyny hem goşmak bolar: ýokarky – 1,42 mm, gapdal – 1,95 mm, aşaky – 2,22 mm. Korpusyň galyňlygy 7,9 mm barabar. Telefonyň agramy 181 g. Tanyşdyrylyş dabarasynda smartfonyň oýun mümkinçiliklerine-de köp wagt sarp edildi. Ýöne gysgaça aýdylanda, ähli zat çalt we durnukly işlemeli. Redmi Note 12 Turbo-nyň bahasy: - 8+256 Gb – 1999 ýuan - 12+256 Gb – 2199 ýuan - 12+512 Gb – 2399 ýuan - 16+1 Tb – 2799 ýuan.