“Formula-1-de” “Skuderiýanyň” sürüjisi hökmünde Mihael Şumahere birinji çempion titulyny getiren Ferrari F1-2000 ulagy satuwa çykaryldy. Lot RM Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda peýda boldy diýip, gazeta.ru habar berýär. 2000-nji ýylda №198 şassili ulagyň rulunda Mihael Şumaher Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, şeýle-de Ispaniýanyň Gran-prisiniň we Monakonyň Gran-prisiniň saýlama ýaryşlarynda ýeňiş gazandy. Möwsümiň jemi boýunça ol tituly gazandy, şondan soň geljek dört ýyl çempionatda öňdebaryjy boldy. Ferrari F1-2000 3,0 litrlik howa hereketlendirijisi V10 (815 at güýji) we 7 basgançakly hereket geçiriji guty bilen enjamlaşdyryldy. 2000-nji ýylyň çempionaty tamamlanandan soň, bu ulag italýan toparynyň Maranellodaky bazasyna iberildi, soňra Ferrari kolleksioneri tehasly Kewin Kraudere satyldy. Netijede, awtomobil Ferrari F1 Clienti maksatnamasynyň çäklerinde ýaryş ýollaryndaky sürüşlere taýýarlandy.