“Formula-1-iň” ýedi gezek çempiony Lýuis Hemilton titul ugrunda göreşip başlajakdygyny, ýöne munuň üçin wagt gerekdigini aýtdy diýip, vesti.ru belleýär. “Men ýene-de ýeňiş gazanyp başlaryn, ýöne munuň üçin wagt gerek bolar. Hawa, 2021-möwsümi tamamlanandan soň biz indiki möwsümde çempionlyk gazanmak üçin göreşmegi dowam etjekdigimize ynanypdyk. Ýöne näme boljakdygyny hiç haçan bilmeýärsiň” – diýip, Daily Express onuň sözlerini getirýär. “Durmuşda biziň garaşmak islemeýän zatlarymyz bolup geçýär. Ýöne gürrüň bu ýagdaýdan nähili baş çykarýandygyň we ýüze çykýan meseleleri nähili çözýändigiň baradadyr. Ine, meniň energiýam hem şoňa sarp edilýär. Topardaky her bir adam hem şuňa üns berýär” – diýip, Hemilton belleýär. Ýatlap geçsek, häzirki möwsümiň iki tapgyryndan soň Hemilton “Formula-1-iň” şahsy sanawynda bäşinji orunda barýar. “Mersedes” bolsa Konstruktorlaryň kubogynda üçünji orny eýeleýär.