Awstraliýaly alymlara Merkezi Kwinslendde uzynlygy 20 sm-den gowrak bolan möýüň täze görnüşini tapmak başartdy. Bu barada gözlegçilere salgylanyp, ABC News ýaýlymy habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär. Şol bir wagtyň özünde bognaýaklylaryň bu görnüşiniň zäheri adam üçin howpludyr. “Möý şekillä Euoplos dignitas diýlip at berildi, onuň ady “mertebe” ýa-da “beýiklik” manyny berýän latyn dilindäki “dignitas” sözünden gelip çykyp, möýüň haýran galdyryjy göwrümini we häsiýetini görkezýär” – diýlip, Kwinslend muzeýiniň hünärmenleriniň işinde bellenilýär. Alymlaryň pikiriçe, Euoplos dignitas möýleri ýerleriň arassalanýan wagtynda öz ýaşaýyş ýerleriniň köp bölegini ýitirýändikleri sebäpli seýrek bolup biler. Şeýle möý ýeriň astynda ýaşaýar we onuň dişlemegi duş gelen adamda düýpli agyrylara ýa-da çişlere sebäp bolup biler. Alymlar möýüň bu görnüşine ýitmek howpunyň abanyp bilýändigine ünsi çekdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir