Ýaponiýanyň öňdebaryjy awtomobil konserni Toyota Motor 2023-nji ýylyň ahyryna çenli içerki bazar üçin dünýäde iň meşhur biznes klasyndaky sedanlaryň biri bolan Camry-nyň önümçiligini bes eder. Bu barada "Nikkei" gazeti habar berdi diýip, TASS belleýär. Kompaniýa diler merkezlerine eýýäm habar ýollady. Ýaponiýanyň içindäki satuwlar tapgyrlaýyn bes ediler. Häzirki wagtda dilerler bu model üçin täze sargytlaryň kabul edilmegini togtatmaga girişdiler. Camry-nyň önümçiligi daşary ýurt bazarlary üçin dowam etdiriler. Toyota-nyň şeýle netijä gelmeginiň sebäpleriniň biri Ýaponiýada ýyl-ýyldan Camry-nyň satuwynyň peselmegidir. Geçen ýyl şeýle awtomobillerden bary-ýogy 6 müňüsi satyldy. Ýaponiýaly alyjylar, esasan, Crown sedanyny saýlaýarlar. Şol bir wagtyň ozünde Toyota ýakynda bu modeliň täze neslini çykardy. Şonuň bilen birlikde ABŞ-nyň, Hytaýyň we Günorta-Gündogar Aziýanyň bazarlarynda Camry meşhur bolmagynda galýar. Model ilkinji gezek 1980-nji ýylda hödürlendi. Häzirki wagta çenli dünýäde 21 mln töweregi Camry satyldy, olaryň köp bölegi ABŞ-nyň paýyna düşýär (13 mln). Ol ýerde model 2016-njy ýyla çenli 15 ýyllap sedanlaryň arasynda satuw boýunça birinji orny eýeledi. Şol bir wagtyň özünde Ýaponiýada 1980-nji ýyldan bäri 1,3 mln Camry satyldy.