Audi -niň önümleriniň görnüşini düýpgöter täzeden gözden geçirjekdigi baradaky gürrüňler resmi taýdan hakykata öwrüldi. "Dört halkanyň" baş direktory Markus Dýusmann Germaniýanyň “Auto Bild” žurnalyna beren interwýusynda täk indeksleriň ýangyç bilen işleýän awtoulaglar üçin, jübüt indeksleriň bolsa elektrikli awtoulaglar üçin ulanyljakdygyny aýtdy. Top-menejer muny takyklady: içerki ýangyç hereketlendirijili indiki A4 - A5 hökmünde, içerki ýangyç hereketlendirijili indiki A6 bolsa A7 hökmünde satylar. Brendiň tehniki direktory Oliwer Hoffmann 2024-nji ýylda Audi-niň täze, kompaniýanyň taryhynda soňky içerki ýangyç hereketlendirijili neslini hödürläp başlajakdygyny tassyklady.