IFC Films kinokompaniýasy BlackBerry filminiň ilkinji treýlerini çykardy, bu film kanadaly öndüriji tarapyndan işewürler üçin adybir smartfonlaryň dörediliş taryhyny gürrüň berer. Onuň ssenariýasy ýazyjy we “The Wall Street Journal-yň” žurnalisti Jeki Maknişiň “Signalyň ýitmegi: BlackBerry-nyň täsin ýokary galyşy we pese gaçyşy barada aýdylmadyk gürrüň” kitabyna esaslanýar. Filmiň premýerasy Berlin kinofestiwalynda boldy, global relizi 2023-nji ýylyň 21-nji maýynda kinoteatrlarda meýilleşdirilýär diýip, incrussia.ru habar berýär. Kartinanyň sýužeti Research In Motion kompaniýasynyň (2013-nji ýyla çenli BlackBerry şeýle atlandyrylypdy) iPhone-yň smartfon bazaryna ýetirýän täsirine kembaha garap, Apple bilen söweşde nähili ýeňlendigi barada gürrüň berer. Film “dünýädäki ilkinji smartfon BlackBerry-nyň okgunly ýokary galyşy we heläkçilikli pese gaçyşy barada dogruçyl gürrüň” hökmünde häsiýetlendirilýär, ýöne bu jedelli tassyklama. Köpler Nokia 7650-ni ilkinji smartfon hasaplaýar. BlackBerry filminiň režissýory Mett Jonson boldy. Baş keşpleri Jeý Baruşel we Glenn Houerton aldy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 1 year ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir