Apple kompaniýasy ilkinji gezek onuň esaslandyryjysy we öňki direktory Stiw Jobsuň eli bolmadyk täze gajeti çykarar. Finacial Times neşiriniň habar bermegine görä, ol üsti ýetirilen reallygyň garniturasy bolar. Neşiriň maglumatlaryna görä, täze önüm 2023-nji ýylyň iýunynda Apple-iň oýlap tapyjylar maslahatynda görkeziler. Bu önümi 2011-nji ýylda dünýäden öten Stiw Jobsuň ýerine gelen kompaniýanyň täze direktory Tim Kuk döredipdir. Şeýlelikde, bu gajeti täze baş direktoryň debýuty diýip hasaplamak bolar. Çünki korporasiýanyň öňki ähli täze önümleri Stiw Jobsuň täsiri bilen döredilipdi. Finacial Times-yň bellemegine görä, hatda Apple Watch akylly sagatlary we Airpods simsiz nauşnikler hem Jobsuň pikiri bilen döredilipdir. iPhone smartfonlary we iPad planşetleri bolsa tutuşlygyna onuň taslamasy bolupdyr. Maglumatlara görä, Kuk AR/VR garnituralaryny döretmäge 2016-njy ýylda girişipdir. Ol öz işinde Jobsuň pikirini ulanmazdan «ak kagyzdan» başlapdyr.