Fewral aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanda maýyl, emma ýagyşly howa bolar. Ýurdumyzyň sebitlerinde +19 gradusa çenli gyzar. Bu barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy habar berýär. Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… +1 gradusdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +13… +18 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +7… +12 gradus maýyl bolar. Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3… +2 gradusdan +2… +7 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8… +13 gradusdan +13… +18 gradus aralygynda maýyl bolar. Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -5 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +8… +13 gradusdan +14… +19 gradus aralygynda maýyl bolar. Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1… -6 gradus sowukdan +3… +8 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6… +11 gradusdan +12… +17 gradus aralygynda maýyl bolar. Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 10 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4… -9 gradus sowukdan -2… +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +3… +8 gradusdan +7… +12 gradus aralygynda maýyl bolar. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 5 — 7 metrden 10 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0… -2 gradus sowukdan +4… +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +10… +12 gradusdan +14… +16 gradus aralygynda maýyl bolar.