2023-nji ýylyň 14-15-nji fewralynda Stambulda Ýakyn Gündogaryň, Ortaýer deňziniň we Merkezi Aziýanyň “mawy ýangyç” öndürýän ýurtlarynyň we Ýewropanyň sarp edijileriniň gatnaşmagynda Gaz sammiti (Istanbul Gaz Summit) geçer. Bu barada Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez habar berdi diýip, Anadolu ýazýar. Ministriň sözlerine görä, sammite taýýarlyk işleri dowam edýär. Ýakynda geçiriljek sammitiň şygary: "Geljegi bilelikde howpsuz etmek" (Securing the Future Together). Türkiýäniň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Türkiýede halkara gaz merkezini döretmek üçin görülýän çäreler barada has giňişleýin çykyş etdi. “Türkiýe ýurdy merkeze öwürmegi maksat edinýän "energiýa diplomatiýasyny” dowam etdirýär. Diňe soňky bir ýylyň dowamynda Türkiýäniň Energetika ministrliginiň wekiliýetleri Merkezi Aziýanyň we Pars aýlagynyň 15 ýurduna baryp gördüler "- diýip, ministr nygtady.