2022-nji ýylyň jemi boýunça Afrikanyň iň baý adamlarynyň umumy baýlygy 81,5 milliard dollar bolup, ýylyň dowamynda 3,1 milliard dollar azaldy. Reýtinge Afrikanyň 54 döwletiniň diňe ýedisine wekilçilik edýän 19 adam girdi diýip, Forbes habar berýär. Yklymda iň uly Dangote Cement sement öndürijisiniň eýesi Aliko Dangote 13,5 milliard dollar baýlygy bilen yzly-yzyna 12-nji gezek Afrikanyň iň baý adamy boldy. Bir ýylyň dowamynda onuň baýlygy 400 million dollar azaldy. Sanawda ikinji orunda Cartier, Montblanc we Chloe brendleriniň eýesi, Şweýsariýanyň Compagnie Financiere Richemont kompaniýasynyň başlygy Ýohan Rupert durýar. Onuň baýlygy 10,7 milliard dollar diýlip çaklanylýar. Sanawda üçünji ýerde 8,4 milliard dollar bilen, göwher gazyp alýan DeBeers kompaniýasynyň mirasdüşeri Nikki Oppengeýmer durýar. Neşiriň wersiýasy boýunça dördünji orny nigeriýaly milliarder we haýyr-sahawatçy Abdul Samad Rabiu (7,6 milliard dollar), bäşinji orny müsürli telekeçi Nassef Sawiris (7,3 milliard dollar) eýeleýär.