Halk market «Şowly söwda» aksiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň «Rysgal» Paýdarlar-täjirçilik bankynyň Maestro Master Card kartlarynyň eýelerine her aýyň ahyrynda 6%-e çenli keşbek almak mümkinçiliginiň bardygyny ýatladýar. Halk market-iň söwda nokatlarynyň islendiginden Maestro Master Card kartlary arkaly söwda edilende sarp edilen serişdeleriň belli bir bölegi kepillendirilen ýagdaýda yzyna karta geçirilýär. Keşbek töleginiň 3%-ni Rysgal banky, 3%-ni bolsa market geçirýär. Nagt däl pul serişdeleri her aýyň ahyrynda awtomatik ýagdaýda karta geçirilýär. Ýatlatsak, ýakynda Aşgabadyň eteginde Gämi obasynda «Halk marketiň» täze şahamçasy işläp başlady. Ol «Gämi söwda merkezinde» ýerleşip, Aşgabadyň dürli künjeklerindäki beýleki söwda şahamçalary ýaly, bu ýerde hem gök we bakja önümleriniň, et we süŷt önümleriniň, hojalyk harytlarynyň we ş.m. giň görnüşlerini amatly bahalardan halka hödürleýär.