Şu gün, 19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-russiýa işewürler geňeşi öz işine başlady. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň uly wekiliýeti Aşgabada geldi diýip, ORIENT agentligi habar berýär. Rus wekiliýetiniň düzüminde — Hökümet agzalary, RF-niň Prezidentiniň administrasiýasynyň we Federal ýygnagyň Döwlet dumasynyň, şeýle hem dürli edaralaryň — Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň, Senagat we söwda ministrliginiň, Sanlylaşdyrma ministrliginiň, Bilim we ylym ministrliginiň, Oba hojalygy ministrliginiň, Ulag ministrliginiň, Gurluşyk ministrliginiň, Russiýa eksport merkeziniň we Söwda-senagat edarasynyň wekilleri bar. Şeýle hem forumyň wekilleriniň hatarynda — Astrahan, Belgorod we Çelýabensk oblastlarynyň, Dagystanyň, Tatarystanyň, Sankt-Peterburgyň ýolbaşçylary, şeýle hem 30-a golaý kompaniýalaryň we işewür düzümleriň wekilleri bar. Forum iki ýurduň wekiliýetleriniň bir wagtda iki sany «tegelek stol» duşuşygy bilen başlandy. Olaryň birinde senagat kooperesiýasy we gurluşyk önümçiligi ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, beýlekisinde bolsa, innowasion we maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýeti sanlylaşdyrma ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň we Russiýanyň ulag-logistika toplumynyň özara gatnaşyklarynyň tendensiýalaryna we ugurlaryna bagyşlanan duşuşyk geçiriler. Forumyň gün tertibinde bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşylar. Agşam Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany Mihail Mişustiniň gatnaşmagynda forumyň plenar mejlisi geçiriler. Mejlisiň esasy mowzugy — Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri. Bu mowzuk boýunça şeýle hem iki ýurduň ykdysadyýet ministrleri, pudak ýolbaşçylary, iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary çykyş eder. Anna güni forum öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň döwlet we hususy taraplarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem Türkmen-russiýa we Russiýa-türkmen işewürler geňeşiniň bilelikdäki mejlisi, ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekmek hem-de russiýaly öndürijiler üçin «Russiýanyň söwda öýi» söwda-sergi meýdançasynyň açylyşy meýilleşdirilýär.