Täze Zelandiýanyň premýer-ministri Jasinda Ardern 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda wezipesinden aýrylmagy meýilleşdirýär. Hökümet başlygy penşenbe güni žurnalistler üçin geçirilen brifingde degişli beýannama bilen çykyş etdi. Ardern 7-nji fewralyň premýer-ministr hökmünde iň soňky iş güni boljakdygyny aýtdy. Ol "hökümet baştutanynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi dowam etdirmek üçin özünde güýç tapjagyna umyt baglandygyny, ýöne muny edip bilmändigini" aýtdy. "Men gidýärin, sebäbi şeýle artykmaç hukukly işiň uly jogapkärçiligi hem bar. Mundan bu ýana ýurda ýolbaşçylyk edip bilmejekdigiňe düşünmegiň hem öz jogapkärçiligi bar" - diýip, premýer-ministr "eýýäm elinden gelenini edendigini, gitmäge çen bolandygyny” belledi. Şeýle hem hökümet baştutany ýurtda geçiriljek indiki ählumumy parlament saýlawlarynyň 2023-nji ýylyň 14-nji oktýabryna meýilleşdirilýändigini we ýygnan toparynyň olara gatnaşmaga we ýeňiş gazanmaga ähli mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Arderniň özi, premýer-ministrlik wezipesinden çekilenden soň, parlamentiň deputatynyň wezipesini dowam etdirer, emma täze saýlawlara gatnaşmaz.