Jeýms Kemeron eýýäm «Awatar» fantastiki franşizasynyň indiki bölüminiň üstünde işläp başlady. Bu barada režissýor “Deadline” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy. “Indiki filmde tomaşaçy düýbünden täze iki medeniýet bilen duşuşar. Biz eýýäm Omatikaýýa urugy we Metkaýina jemgyýeti bilen tanyş, mundan beýläk bolsa biz wekilleri Pandorada erkin gezip ýören başga iki medeniýet bilen tanyşarys” – diýip, Kemeron belledi. Režissýor “Awataryň” üçünji bölüminiň merkezi elementiniň ot boljakdygyny belläp, şu aýdylanlar bilen sözüni jemlemek isledi. Birinji lentanyň premýerasyndan 13 ýyl soň düşürilen “Awataryň” ikinji bölümi 2022-nji ýylyň dekabr aýynyň ortalarynda ekrana çykdy. Öň, režissýor filmiň üçünji bölüminiň premýerasynyň 2024-nji ýylda boljakdygyny, 2026-njy ýylyň ahyryna bolsa taslamanyň dördünji bölümini çykarmagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.