Russiýasynyň Döwlet Dumasynyň wekiliýeti ýanwar aýynyň ahyryna çenli Türkmenistana geler diýip, RIA Nowosti Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodiniň sözlerine salgylanyp aýtdy. Russiýanyň Parlamentiniň aşaky palatasynyň ýolbaşçysy Döwlet Dumasynyň sişenbe güni açylan ýazky sessiýasynda daşary ýurtlara meýilleşdirilýän saparlar barada aýtdy. «Meýilnamamyzda: ýanwar aýynyň ahyryna çenli Döwlet Dumasynyň wekiliýetiniň Eýrana we Türkmenistana resmi saparlary bar» — diýip Wolodin daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň RF-niň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirýändigini belledi.