Agaç asuda howada eýikmeýär, şemal näçe berkine tutsa, ol şonça-da berk bolar. J. Uillard Marriott Geliň, indi işe başgaçarak çemeleşeliň-de, uly zada garaşmaga başlalyň. Ol ýöne garaşmak hem däl. Siz üstünlige ýetjekdigiňize öz durkuňyzyň her bir nokadyna daýanyp ynanýarsyňyz. Nämä ynanýarsyňyz? «Öz mümkinçiligiňiziň haýsy bölegini işledip bilersiňiz?»―diýen sowaldan başlalyň. Elbetde, mümkinçiligiň köp bölegini. Şeýle ýagdaýda sizden nähili herekete garaşyp bolar? Az hereket bilen kanagatlanyp, hemme işiň äheňini bir kakuwda çalarsyňyzmy? Elbetde, beýtmersiňiz. Siz joşgunly, siz güýçli, siz örän uly üstünlige garaşýarsyňyz, siz toplaryň ählisinden ot açmaga taýýar. Siz şeýle alada edýän wagtyňyz, nähili netijä garaşmak bolar? Netijäniň oňat boljagyna ynanyp, heşelle kakybermeli bolar. Beýle ýagdaý siziň geljekde ondanam ýokary üstünlikler gazanmak baradaky ynamyňyza hem ukybyňyza nähili täsir ýetirer? Bu şol nädogrulygyň düýpden garşysyna goýlan aýgyt. Şu ýagdaýda gazanylan üstünlik indiki üstünligiň döremegine, her bir nobatdaky üstünlik hem siziň ynamyňyzy güýçlendirip, öňküdenem erjel ynamyň döremegine getirer. Işeňňir adamlarda-da ýalňyşlyk, säwlik bolýarmy? Gürrüňsiz bolýar. Çyn, berk ynam her bir täze üstünlige esasmydyr? Elbetde, esas däl. Kimdir biri özünde gürrüňsiz üstünlik geljegine kepil geçýän çözgüdiň bardygyny aýtsa, siz pully gapjygyňyzy gizlemek bilen boluberiň, hem-de ol adamdan tizräk daşlaşyň. Ýöne umydygär, höwesli ynamy goldaýan adamlaryň öňe hereket etmäge, bir gyradeň ýagdaýdaky gowulyga ýetmäge gaýymdyklaryny taryh ýene we ýene tassyklaýar. Awraam Linkoln bir topar zerur saýlawda utulsa-da, öz ynamyna bil baglamak bilen, uzak wagtlyk ýeňiş gazanmak baradaky maksadyna ýetmek hereketini bes etmedi. Ol özüni diňe üstünlige ruhlandyryp, şowsuzlyklara baş galdyrmady. Onuň ynanmak duýgusynyň diňe üstünlige gönükdirilendigi sebäpli, ahyr üstünlige-de ýetdi, ýokary kämillik gazanandan soň bolsa, ýurdunyň taryhyny özgertmegi başardy. Käte kän zada ýetişmek üçin, öz çäksiz güýjüň bardygyna ynanmaklyk ýa-da üstünlige gönügen niýetiň bolmagy hökman däl. Käte adamlar öňünde päsgelçiligiň, böwediň bolýandygyny bilmeýändikleri sebäpli hem maksada ýetip bilýärler. Käte diňe siziň üstünlik gazanmak mümkinçilikleriňizi çäklendirýän garşylygyň bolýandygyny bilýän duýgyňyzyň ýoklugy hem üstünlige eltýär. Bir okuwçynyň matematika sapagynda uklaýşy hakynda gürrüň bar. Ol jaň kakylansoň gözüni açýar-da, klas tagtasyna ýazylan iki sany mysaly öýe berlen tabşyrykdyr öýdüp göçürip alýar. Ol öýe gelensoň, agşama çenli, gije-de ýatman kelle döwse-de, göçürip alan meselesiniň çözgüdini tapmaýar. Ýöne ol ýan bermeýär-de, hepdäniň ahyryna çenli meseläniň birini çözýär-de, mekdebe alyp barýar. Çözgüdi gören mugallym haýran galýar. Asyl, ol mysal çözülmeýän mysal eken. Eger-de okuwçy ol mysalyň çözgütsizdigini bilen bolsa, ony çözmek üçin azara-da galmazdy, çözmäge synanyşygam etmezdi. Ýöne ol çözgüdiň ýokdugynyň özüne aýdylmany üçin, mysalyň çözgüdi bolaýmalydyr diýen ynamy kalbyna salany üçin mesele çözülýär. Ynamy üýtgetmegiň ýene bir usuly, ony öz hususy tejribäň bilen ýalana çykarmak. Ýene bir sebäp: biz näme üçin közüň üstünden ýöreýäris? Adamlaryň közüň üstünden ýöremäge ukyplydyklary meni onçakly tolgundyryp hem durmaýar. Meni gyzyklandyrýan zat, adamlaryň ozal mümkin däl hasap edýän işlerini amala aşyryp bilmekleri. Eger siz ozal başarylmaz öýden aýgydyňyzy amala aşyrmaga ukyply bolsaňyz, öz ynamyňyzy üýtgetmegi-de başararsyňyz. Durmuş asyl, biziň köpimiziň çak edişimizden örän inçe hem örän çylşyrymly eken. Şonuň üçinem henize çenli etmedik bir zadyňyzy edip görüň. Öz ynamlaryňyzy gözden geçiriň-de, onuň haýsyny başga haýsy ynama çalşyrjakdygyňyzyň aýgydyny ediň... Siziň içki hakykatyňyz—özüňiz üçin döreden hakykatyňyzdyr. Eger ol ýaman bolsa-da, ýagşy bolsa hem, olary döreden özüňiz. Kämillige eltýän kän ynam bar. Ýöne olardan iň esasylary diýip, ýedi sanysyny saýladym. Haýsylardygyny indiki bapda aýdaryn...