2023-nji ýylyň 26-njy martynda, ýekşenbe güni Türkmenistanda Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň bäşinji çagyrylyşynyň agzalarynyň, Geňeşleriň dokuzynjy çagyrylyşynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Degişli Karary Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi kabul etdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramak, şeýle hem saýlaw kanunçylygynyň kadalaryny berjaý etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.