Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Serdar Berdimuhamedow wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, wise-premýer Ç.Purçekowa hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýewe berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipelerinden boşadyljakdyklaryny duýdurdy. Mejlisiň barşynda Serdar Berdimuhamedow şeýle hem milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde ýurdumyzyň senagat we gurluşyk toplumynyň ähmiýetine ünsi çekdi we pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň we mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleriň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.