Adamzadyň ozon gatlagyny gorap saklamak baradaky tagallalary netije berdi — bary-ýogy birnäçe onýyllygyň içinde ol doly dikelip biler diýip, BMG-de aýdýarlar. Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşawy goramak maksatnamasy (UNEP) planetamyzy ultramelewşe Gün şöhlelerinden goraýan ýuka gaz gatlagy bolan Ýeriň ozon gatlagynyň ýagdaýy barada täze hasabat çap etdi. Hasabatda şeýle diýilýär: "Häzirki syýasat dowam etdirilse, ozon gatlagynyň takmynan 2066-njy ýylda Antarktidanyň üstünde, 2045-nji ýyla çenli Arktikanyň üstünde we 2040-njy ýyla çenli bolsa dünýäniň beýleki ýerlerinde 1980-nji ýyldaky ýagdaýynyň (ozon deşigi peýda bolmanka) dikeldilmegine garaşylýar”. BMG hünärmenleri ozon gatlagynyň dikeldilmeginiň howanyň ählumumy üýtgemeginiň täsirini gowşadyp biljekdigini bellediler.