Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň (COP28) 28-nji konferensiýasyna BAE-niň Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri hem-de Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş direktory Soltan bin Ahmed Al-Jaber ýolbaşçylyk eder. BAE-niň habarlar gullugy (WAM) penşenbe güni bu baradaky beýannamany köpçülige ýetirdi. "COP28 başlygy wezipesine bellenen doktor Al-Jaber, hökümetara gatnaşyklaryň işine ýolbaşçylyk etmekde, konsensusy kemala getirmekde we howa boýunça başlangyçlaryny öňe sürmekde möhüm rol oýnar" – diýip, beýannamada aýdylýar. COP28 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryndan 12-nji dekabry aralygynda Dubaýda geçiriler. Maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden 80 müňe golaý wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.