Dollaryň hümmetiniň peselmegi sebäpli duşenbe güni altynyň bahasy işjeň ýokarlanýar. Nýu-Ýorkuň haryt biržasynda altyn üçin baglaşylan fewral şertnamalarynyň kotirowkalary 0,7% - her bir unsiýa üçin 1882,8 dollara çenli ýokarlandy. Bu geçen ýylyň 9-njy maýyndan bäri iň ýokary görkeziji boldy diýip, MarketWatch belleýär. Mart aýynda iberilmeli kümşüň bahasy 0,1% ýokarlandy we her bir unsiýasy 24 dollara ýetdi. ABŞ-nyň dollarynyň dünýäniň esasy alty walýutasyna garanda dinamikasyny görkezýän ICE hasap indeksi duşenbe güni 0.8% aşaklady. Dollaryň pese gaçmagyna maýadarlaryň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň esasy göterim derejesini ýokarlandyrjakdygyna garaşmagy täsirini ýetirýär. Bu geçen hepdäniň ahyrynda inflýasiýanyň hasam pese gaçýandygyny görkezýän maglumatlaryň ýaýradylmagy bilen baglanyşykly bolup biler.