Türkmenistanyň daşary işler minsitri Raşid Meredow ýekşenbe güni eýranly kärdeşi Hoseýn Amir Abdollahiýan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde iki ýurduň arasynda «özara gyzyklanma bildirilýän meseleleri» ara alyp maslahatlaşdy diýip, Eýranyň DIM-niň saýtynda habar berilýär. Iki ýurduň diplomatlary ähli ugurlarda Türkmenistan bilen Eýranyň hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem giňeltmek maksady bilen gepleşikleri dowam etmegiň zerurlygyny belledi.